"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi

  • 28.12.2020 23:21
  • 15k+

Ýekşenbe güni Dubaýda (BAE) Globe Soccer Awards baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda ýylyň iň gowy futbolçysy we iň gowy tälimçisi, iň gowy kluby, şeýle hem "asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" ugurlary boýunça ýeňijiler yglan edildi. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

“Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski we baş tälimçisi Hans-Diter Flik, degişlilikde, ýylyň iň gowy futbolçysy we tälimçisi hökmünde Globe Soccer Awards baýraklaryna mynasyp boldular.
"Iň oňat oýunçy" ugry boýunça baýraga dalaş edenleriň gysga sanawyna "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu we "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi hem girdi. Şeýle hem Ýurgen Klopp ("Liwerpul") we Janpiero Gasperini ("Atalanta") ýylyň iň gowy tälimçisi diýen ada dalaş etdiler. "Bawariýa" ýylyň iň gowy kluby diýlip saýlandy.
Lewandowski geçen möwsüm "Bawariýanyň" düzüminde ähli ýaryşlarda 47 oýun oýnap, 55 pökgi geçirdi, Germaniýanyň çempionatynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy (34 gol). Flik topary çempionatda we Germaniýanyň kubogynda, şeýle hem Çempionlar ligasynda ýeňişlere ýetirdi. Ondan öň Lewandowski we Flik Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan öz ugurlarynda iň gowulary diýlip ykrar edilipdi.
Iň gowy “asyryň oýunçysy” (2001-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli) Ronaldu, “asyryň tälimçisi” öň “Barselona” bilen “Bawariýa” tälimçilik eden Hosep Guardiola (“Mançester Siti”), “asyryň agenti” - Žorže Mendeş diýlip ykrar edildi. “Asyryň kluby” - Madridiň "Realy" boldy.

düýn 22:41
2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

düýn 14:40
3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 10:36
3.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......