Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyryldy

  • 26.12.2020 14:11
  • 17k+

Türkmenabat ― Moskwa aralygynda nobatdaky ýörite uçuş amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Russiýanyň «Sibir» awiakompaniýasynyň uçary bilen amala aşyrylan uçuşda Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlarynyň 172-sine Täze ýyl baýramyny öz maşgalasynda, öýünde bellemäge mümkinçilik döredildi» diýlip, ilçihananyň resmi saýtynda aýdylýar.

Şeýlelikde, ilçihana pandemiýa döwründe Türkmenistanda Russiýa ýörite uçuşlaryň bäşisini gurady. Olaryň ählisi Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden amala aşyryldy.
RF-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň ýakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren onlaýn duşuşygynda hem aýdylyşy ýaly, Türkmenabat ― Moskwa aralygyndaky indiki ýörite uçuşlar 2021-nji ýylyň 25-nji we 30-njy ýanwarynda bolar.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....