ÝUNISEF ýylyň iň gowy fotosuratyny saýlady

  • 25.12.2020 17:04
  • 18k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) her ýyl geçirilýän “Ýylyň suraty” bäsleşiginiň ýeňijisini yglan etdi. Bu barada Interfax habar berdi.

Bäsleşige hödürlenilen suratlarda çagalar şekillendirýän hem bolsa, olarda dünýäniň has çynlakaý meseleleri açylyp görkezilýär. Suratlarda bütin dünýädäki çagalaryň çekýän kynçylyklary we agyr zähmeti öz beýanyny tapýar.
Bu ýyl bäsleşikde birinji ýeri grek fotoçysy Angelos Tsorsinisiň düşüren suraty eýeledi. Onda Lesbos adasyndaky ýangyn gurşap alan "Moria" düşelgesinden gaçyp barýan bosgunlar şekillendirilýär.
Hindistanly Supratim Bhattaçarjiniň suraty ikinji ýeri eýeledi. Onda suratçy Hindistanda çagalaryň işe çekilişini görkezmäge çalyşýar.
Üçünji orna russiýaly Ýewgeniý Makarowyň eseri mynasyp boldy. Onda Rio de-Žaneýroda ýaşaýan ýaş balerinalaryň durmuşy görkezilýär. Bu tansçylar topary 250 gyzy we ýaş aýal-gyzlary gündelik kynçylyklaryndan çykalga tapmak üçin Manginýos fawelinde balet mekdebini açdy.
Geçen ýyl ÝUNISEF nemes suratçysy Hartmut Şwarsbahyň işini "Ýylyň suraty" diýip yglan edipdi. Onda 13 ýaşly filippinli çagajygyň Manila aýlagynda plastik zyňyndylaryny ýygnaýandygy görkezilýärdi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
796

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
397

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......