Türkmenistan COVID-19-a garşy sanjymy satyn almagy meýilleşdirýär

  • 24.12.2020 21:00
  • 23k+

Türkmenistanda COVID-19-a garşy sanjym satyn almak we ony ýurda getirmek boýunça meýilnama işläp düzüldi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Meýilnamada bu sanjymyň beýleki ýurtlarda öndüriliş tejribesini türkmenleriň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen öwrenmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem onda COVID-19-a garşy sanjymy satyn almak, ony Türkmenistana getirmek we bellige almak üçin zerur resminamalary taýýarlamak ýaly çärelere orun berilýär.
Mundan başga-da, degişli türkmen edaralary tapgyrlaýyn sanjym geçirmek üçin ilatyň arasynda töwekgelçilik toparlaryny kesgitlemeli, sanjym edilenleriň ýazgylaryny ýöretmeli, sanjym pasportlarynyň elektron formatyny üpjün etmeli hem-de sanjymyň netijelerine yzygiderli gözegçilik etmeli we ş.m.
COVID-19-a garşy sanjymy satyn almak, ony ýurda getirmek, şeýle hem sanjymlary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça işleriň esasy bölegi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirilýär.

düýn 18:05
1.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......