Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde çäklendirmeler girizilýär

  • 23.12.2020 20:26
  • 57k+

Ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak we sebitdäki hem-de dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde birnäçe çäklendirmeler girizilýär.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ministrliklerde, edaralarda, şeýle hem ähli guramalarda we kärhanalarda medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik gadagan edildi.
Şeýle hem ähli jemgyýetçilik naharhanalarynda köpçülikleýin çäreler gadagan edildi. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryna müşderilere sargyt edilen tagamlaryň eltip berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Mundan başga-da, ähli guramalarda, bilim edaralarynda çagalar üçin Täze ýyl bilen bagly çäreleri geçirmek gadagan. Ýöne çagalaryň säherlikleri (utrennikleri) onlaýn ýagdaýda geçirilip bilner.

Bulardan başga-da, adamlaryň arasynda seýilgählere we beýleki köpçülik ýerlerine barmagy çäklendirmek we Täze ýyl baýramyny öýde, myhmançylyga gitmän, maşgala agzalary bilen garşylamak barada yzygiderli düşündiriş işlerini geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

26.04.2026 15:51
8.1k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.6k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....