25-nji dekabrda Türkmenabat — Moskwa ýörite uçuşy amala aşyrylar

  • 22.12.2020 19:34
  • 19k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy S7 rus awiakompaniýasy bilen bilelikde 25-nji dekabrda Mokswa – Türkmenabat – Moskwa ugry boýunça ýörite uçuşy meýilleşdirdi.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, bu uçuş arkaly Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparynyň görkezmelerini berjaý edip, Türkmenabada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary geler.
Şol uçuş bilen yzyna Russiýa Federasiýasyna Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolýan rus raýatlaryndan, şeýle hem iki döwletiň raýatlygy bolan şahslardan (Russiýa, Türkmenistan), Russiýa hemişelik ýaşamak üçin barýanlardan, kanunçylyga laýyklykda Russiýa Federasiýasyna göçmek üçin rugsat alanlardan ybarat 175 adam uçup biler.

 

düýn 23:36
1k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....