Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

  • 19.12.2020 19:55
  • 9.7k+

18-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

-Umuman, Türkmenistan biziň hyzmatdaşlygymyzyň täze hilini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň uzakmöhletli ulgamyna geçmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany belledi we Arkalaşygyň şu günki kuwwatynyň görkezilen geljegi uly pudaklarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri barada gürrüň etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady bähbitlerini Arkalaşygyň geografiki çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň bilelikdäki taslamalarymyza golaýdaky ýurtlaryň we goňşy sebitleriň goşulmagynyň wajypdygy nygtaldy. Ilkinji nobatda, munuň özi ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini kadalaşdyrmaga we giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlaryny çekmäge degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi.

-Hazar ugry Arkalaşygyň meýilnamalarynda mynasyp orun eýelemelidir, oňa ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, geçip barýan ýylyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň nyşany astynda geçip, GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlary üçin uly synaga öwrülendigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu çylşyrymly şertlerde GDA döwletleri lukmançylyk, arassaçylyk, gümrük we beýleki gulluklaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ugurlaryny çaltlyk bilen ýola goýmagy başardy, täze wehime garşy durmakda ýokary jogapkärçiligi, raýdaşlygy hem-de özara goldawy görkezdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine bu ählumumy meseläni çözmäge uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Russiýanyň Lideriniň halkara giňişliginde abraýyny artdyrdy.

Pandemiýa garşy göreşmegiň hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmagyň öňümizdäki döwründe şu ýörelgelerden ugur almalydygymyza ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu babatda biziň ýurdumyzyň BMG-de ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň gurallaryny ýola goýmak, ýöriteleşdirilen halkara merkezlerini döretmek boýunça teklip eden anyk çärelerine içgin garalmagyna bil baglaýarys. Şol merkezlerde howply wirus ýokançlaryna garşy durmagyň iň täze usullary we tejribeleri taýýarlanylyp bilnerdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletleriniň bu işde işjeň orny eýeläp biljekdigi, netijeli goşulyşmagyň, tejribe alyşmagyň, lukmançylyk ulgamynda bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň göreldesini görkezip biljekdigi baradaky pikiri beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen tarapy bu çözgüde häzirki zaman dünýä gurluşynyň we halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça düýpli, jogapkärli gepleşikleri dikeltmek üçin oňat esas hökmünde garaýar, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemegi teklip edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl Aşgabatda parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we GDA ýurtlarynyň Liderlerini bu Foruma gatnaşmaga çagyrdy.

düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.1k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.9k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....