"PSŽ" Çempionlar ligasynda ýeňilse, Mbappeni elden gidirip biler

  • 17.12.2020 14:54
  • 6.9k+

"Pari Sen-Žermeniň" (PSG) hüjümçisi Kilian Mbappe parižliler Çempionlar ligasyndan gaýtsa, klubdan gitmäge taýyn diýip, AS neşiri habar berýär. Muny Sputnik gullugy ýetirýär.

Çeşmäniň habaryna görä, 21 ýaşly hüjümçi Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak isleýär we geçen möwsümiň finalynda şowsuzlyga uçransoň, klubuň ýolbaşçylaryndan topary güýçlendirmeklerini sorady. Ýolbaşçylar heniz täze oýunçylara uly möçberde pul sarp edip bilmeýärler. Olar bar ünsüni Mbappe hem-de Neýmar bilen şertnamalaryň möhletini uzaltmaga gönükdirýärler. Olar bilen baglaşylan şertnamalaryň möhleti bolsa 2022-nji ýylda gutarýar.
Şol bir wagtyň özünde, fransuz hüjümçisiniň 2021-nji ýylyň başynda geçiriljek Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda "Barselona" bilen boljak oýundan öň täze şertnama baglaşmak niýeti ýok. Mbappe topardan giden halatynda Zinedin Zidan bilen işlemek üçin Madridiň "Realyna" geçmäge taýyn diýlip habar berilýär.
Mbappe 2018-nji ýyldan bäri "PSŽ-de" çykyş edýär. Häzirki möwsümde ol 15 oýun oýnap, 12 gol geçirdi hem-de sekiz asist etdi.

şu gün 00:10
3.9k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

düýn 11:21
9.6k+

Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta......

düýn 09:31
17k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....