Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 16.12.2020 13:07
  • 2.7k+

15-nji dekabrda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmal Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlar görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hem-de bilelikdäki möhüm düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna oňyn täsir edýändigini aýratyn nygtady. Bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy, şol sanda Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Diplomat döwlet Baştutanymyza Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde uly goldawyň berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

şu gün 10:01
389

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

şu gün 09:35
2.3k+

Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi

Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär...

şu gün 09:29
962

R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

şu gün 00:49
3.8k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...