Talyplaryň we okuwçylaryň gyşky dynç alyşlaryna çäklendirmeler girizilýär

  • 15.12.2020 22:13
  • 37k+

Türkmenistan sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý zerarly gyşky dynç alyş möwsümine çäklendiriji çäreleri girizýär.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, 2020-2021-nji okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň Gökderedäki we welaýatlardaky çagalar-sagaldyş merkezlerinde dynç almaklaryna çäklendirmeler girizilýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gyşky dynç alyş möwsümini okuw ýerlerinde mugallymlarynyň gözegçiligi astynda geçirerler.
Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan okuwa kabul edilen ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň okuwçylary gyşky dynç alyşlaryny bilim edaralarynda geçirerler. Okuwçylaryň gyşky dynç alyşlaryny we naharlanmaklaryny guramaklyk ýörite maksatnama esasynda döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylar.

 

29.04.2026 14:48
1.4k+

TDBSI-de «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» atly ýaryşlar başlanýar

Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» şygary astynda bedenterbiýe we sport bäsleşiklerini geçirýär. Bäsleşiklere gatnaşmaga ýurduň orta mekdepleriniň......

28.04.2026 23:02
6.5k+

Türkmenistanda mekdepler üçin pars dili we biologiýa boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahaty boýunça ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin iki sany täze okuw kitaby neşir edildi....

28.04.2026 22:45
2.2k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026-njy ýylyň 2-nji we 9-njy maýynda orta mekdepleriň uçurymlary, esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän......

26.04.2026 20:55
3.4k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......