Geýts: Trampyň işleriniň Baýdene geçirilişi COVID-19 sanjym paýlanyşyny kynlaşdyrýar

  • 14.12.2020 23:41
  • 14k+

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts işleriň respublikan Donald Trampyň administrasiýasyndan demokrat Jozef Baýdeniň toparyna geçirilmegi ABŞ-da täze koronawirusa garşy sanjymlaryň paýlanmagyny kynlaşdyrýar diýip hasaplaýar. Ol bu barada ýekşenbe güni CNN teleýaýlymynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Koronawirus ýokançlygyna garşy göreşe ýüzlerçe million dollar bölüp beren haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçysyndan Baýdeniň geçiş toparynyň henizem Trampyň administrasiýasyndan koronawirus sanjymyny paýlamak barada jikme-jik meýilnama almaýandygy baradaky maglumatlary düşündirmek haýyş edildi.

"Gowşuryş prosesi ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýan faktor, ýöne täze administrasiýa hakyky hünärmenleriň pikirlerine bil baglamak isleýär we ýerliksiz aýyplamalar bilen olara garşy çykmakçy däl" - diýip, Geýts belleýär.

Ol Baýdeniň toparynyň taýýarlan ABŞ-da COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasyna oňyn baha berdi. "Men saýlanan Prezident Baýdeniň we onuň toparynyň kadrlary saýlaýşy we meseleleri çözmegi ileri tutmagy meni begendirýär" diýip, Geýts aýdýar.
Geýts Baýdeniň administrasiýasynyň şeýle çemeleşme bilen ABŞ-nyň epidemiýany ýok etmegiň täsirliligi boýunça dünýäde iň soňky bolmajakdygyna umyt bildirýär.

şu gün 16:12
965

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

şu gün 12:13
2k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....

düýn 15:16
3.8k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......