Fransiýanyň Super kubogy üçin oýnuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi

  • 13.12.2020 09:41
  • 4.7k+

Fransiýanyň professional futbol ligasy “PSŽ” bilen “Marseliň” arasyndaky Super kubok üçin duşuşygyň geçiriljek senesini we ýerini mälim etdi. Oýun 13-nji ýanwarda Lansdaky “Bollart-Delelis” stadionynda geçiriler. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Gurama oýnuň geçiriljek ýeri baradaky kararyň epidemiologik ýagdaý sebäpli kabul edilendigini habar berýär. Soňky ýyllar Fransiýanyň Super kubogy beýleki ýurtlarda – Hytaýda, Marokkoda, Awstriýada, Kanadada geçirildi.
Geçen möwsümiň milli kubogynyň çempiony we eýesi “PSŽ”, şeýle-de Liga 1-iň turnir sanawynda ikinji orny eýelän “Marsel” kubok ugrunda bäsleşer. Parižden gelen topar bassyr 8-nji gezek bu baýragyň eýesi bolup biler. 

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......