BMG: Zyňyndylaryň azalmagyna garamazdan, Ýeriň temperaturasy ýokarlanmagyny dowam edýär

  • 12.12.2020 18:57
  • 12k+

COVID-19 pandemiýasy global zyňyndylaryň gysga möhletleýin azalmagyna getirdi, emma Ýeriň temperaturasy ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Bu barada BMG-niň bug gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesi baradaky hasabatynda aýdylýar diýip, Trend habar berýär.

“COVID-19 pandemiýasy sebäpli kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň gysga möhletli azalmagyna garamazdan, dünýä şu asyrda temperaturanyň Pariž şertnamasynyň maksadyndan has ýokary bolan derejede, üç gradusdan hem gowrak ýokarlanmagyna tarap barýar” – diýlip, barlagda aýdylýar.

“COVID-19 çökgünligi dünýädäki zyňyndylaryň diňe gysga möhletleýin azalmagyna mümkinçilik berýär we ol dünýä ýurtlary ykdysadyýeti uglerodsyzlandyrmak üçin aýgytly çäreleri öz içine alýan ykdysady dikeldişe başlamasa, 2030-njy ýyla çenli zyňyndylaryň ep-esli azalmagyna kömek etmez” – diýip, gurama belleýär.

Şol bir wagtyň özünde BMG ykdysady dikeldiş döwründe ýurtlar “ýaşyl” görkezijilerde saklansalar, “2030-njy ýyla çenli meýilleşdirilişi ýaly bug gazlarynyň derejesiniň 25% peselip biljekdigini” çaklaýar. “Howa syýasaty nukdaýnazaryndan 2020-nji ýylyň iň möhüm wakasy asyryň ortalaryna çenli zyňyndylaryň nol derejesini gazanmak maksadyna ýetmek üçin ygrarly ýurtlaryň sanynyň artmagy boldy” – diýlip, guramada bellenilýär.
BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy her ýyl 2030-njy ýyla çenli çak edilýän zyňyndy görkezijileri bilen howanyň üýtgemeginiň heläkçilikli täsirlerinden gaça durmak üçin zerur derejäniň arasyndaky tapawudy gözden geçirýär.

düýn 20:17
3.3k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......