Russiýa Azerbaýjandan, Türkiýeden, Ermenistandan we Özbegistandan käbir gök önümleriň we miweleriň importyny gadagan etdi

  • 10.12.2020 14:06
  • 30k+

Rosselhoznadzor 14-nji dekabrdan Ermenistanyň Armawir sebitinden pomidory we burçy Russiýa getirmegi gadagan edýär. Önümlerde Pepino mozaika wirusy tapyldy diýip, edara düşündirýär. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Pepino mosaic virus gök önümleriň iň howply keselleriniň biri hasaplanýar. Köplenç, ol ýapyk ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinlere täsir edýär: ýyladyşhanalarda ýylylyk we çyglylyk patogenleriň işjeň köpelmegine ýardam berýär.
2019-njy ýylda Ermenistan Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Marokkodan, Belarusdan, Özbegistandan we Eýrandan soň Russiýa pomidor ibermek boýunça sekizinji orny eýeledi.
Şeýle-de, Rosselhoznadzor zyýankeşleriň ýüze çykarylandygy sebäpli 10-njy dekabrdan Azerbaýjandan pomidor we alma importyny gadagan edýär. Bakuwda munuň tehniki ýalňyşlykdygy çaklanyldy we bu meseläni çözmegiň meýilnamalary yglan edildi. Geçen ýyl Azerbaýjan Russiýany pomidor bilen üpjün etmekde birinji orny eýeledi.
Mundan başga-da, 11-nji dekabrdan Türkiýäniň Antalýa we Izmir welaýatlaryndan hem-de Özbegistanyň Kaşkadarýa sebitinden pomidoryň hem-de burçuň getirilmegi gadagan edilýär, çünki ol ýerden yzygiderli ýagdaýda keselli harytlar gelýär.
Ownuk söwda kompaniýalarynyň assosiasiýasynda satyjylaryň gadagan edilen önümleri beýleki üpjün edijileriň gök önümleri bilen “alyjylar üçin duýdansyz ýagdaýda” öwezini dolup biljekdikleri aýdyldy.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....