UFC ýylyň ahyryna çenli onlarça söweşijisini guramadan çykaryp biler

  • 07.12.2020 09:05
  • 13k+

UFC Vegas 16 turnirinden soň metbugat maslahatynda Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Dana Uaýt türgenleriň birnäçesiniň guramadan çykarylmagyna taýýarlyk görülýändigini habar berdi. Muny MMA Junkie saýtyna salgylanyp, lenta.ru ýetirýär.

Uaýt ýylyň ahyryna çenli promouşeniň 60 söweşijiden dynjakdygyny belledi. Aýratynam, kubaly Ýoel Romero indi UFC-de çykyş etmez. Uaýt onuň ýaşy we soňky netijeleri sebäpli guramadan çykarylandygyny aýtdy.
Guramanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, söweşijileriň sanawy “aşa çişirilen”.

“Bu soňy däl. Ýakyn wagtda siz köp söweşijiniň guramadan çykarylýandygyny görersiňiz” – diýip, Uaýt belleýär.

43 ýaşly Romero UFC-de 2013-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykyş edip başlady. Ýedi ýylyň içinde ol 13 gezek söweşdi, dokuz gezek ýeňiş gazandy we dört gezek ýeňildi. Soňky gezek 2020-nji ýylyň 7-nji martynda söweşdi. Ol eminleriň karary bilen guramanyň çempiony Israel Adesanýeden ýeňildi.
UFC promouşeniň birnäçe weteranlary bilen eýýäm hoşlaşdy. Ozalky çempionlar braziliýaly Anderson Silwa we Fabrisiu Werdum guramadan gitdi. UFC-niň sanawynda häzirki wagtda 649 söweşiji hasaba alynýar. Oktýabr aýyndaky ýagdaýa görä, gurama dünýäniň 71 ýurdundan türgenler ýygnandy.

düýn 21:03
1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
5.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......