Russiýanyň ÝOM-lary daşary ýurtly talyplara akademiki rugsat hödürlär

  • 06.12.2020 09:29
  • 12k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde onlaýn tertipde okap bilmeýän daşary ýurtly talyplara akademiki rugsat ýa-da okuwlaryny yza süýşürmek teklip ediler diýip, Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow aýtdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

"Şeýle hünärler hem-de ugurlar bar, olary uzak aralykdan okadyp bolmaýar: lukmanlary uzak aralykdan okatmak mümkin däl, inženerçilik hünärleri we ugry boýunça dersleriň köpüsi şahsy gatnaşmagy talap edýär" diýip, Falkow şenbe güni "Russiýa 24" (VGTRK) teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.

"Beýle ýagdaýlarda ýa-ha degişli dersler has soňa süýşüriler, ýa-da okamaga hiç hili mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, talyplara akademiki dynç almak ýa-da sapaklara gatnaşmaga mümkinçiligi bolandan soň gelmek teklip ediler" - diýip, ministr aýdýar.

Şeýle hem, ol Bilim we ylym ministrliginiň, COVID-19 ýaýramagy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler sebäpli Russiýa gaýdyp gelip, bilimini dowam etdirip bilmeýän daşary ýurtly talyplaryň kynçylyklaryna düşünýändigini aýtdy.

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.2k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.7k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......

18.05.2026 21:31
5.9k+

Çagalar bagynyň terbiýeçisi 200 pingwine hossar çykdy

Çagalar bagynyň öňki terbiýeçisi Sesiliýa Duran Gafo patyşalyk pingwinleriniň dünýäde materikde ýerleşýän ýeke-täk koloniýasynyň hossaryna öwrüldi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär....