Ewander Holifild Maýk Taýsony söweşe çagyrdy

  • 04.12.2020 08:42
  • 17k+

Ýokary agyr agramda 58 ýaşly dünýäniň ozalky absolýut çempiony Ewander Holifild bu adyň ozalky eýesi 54 ýaşly Maýk Taýsona ringde duşuşmagy we ýene bir söweşi geçirmegi teklip etdi. Bu barada allboxing.ru belläp geçýär.

Olar 1996-1997-nji ýyllarda iki gezek söweşdiler we ikisinde-de Holifild ýeňiş gazandy. Indi Holifild 15 ýyl arakesmeden soň 28-nji noýabrda 51 ýaşly Roý Jonsa garşy söweşen Taýsona üçünji söweşi geçirmegi teklip edýär. Holifild professional ringde soňky gezek 2011-nji ýylda söweşdi.

“Meniň toparym söweşi gurnamaga synanyşdy, ýöne jogap hökmünde diňe bahana bardy. Indi näme üçin onuň meniň bilen söweşmek hakda pikirlenmezinden ozal, “gyzyşmak” söweşini isländigini gördüm. Roý Jons Maýk üçin gowy ýerli garşydaş. Ýöne maňa garşy söweş global waka öwrülerdi we bu hemmeleriň görmek isleýän ýeke-täk söweşidir. Ondan ýüz öwürmäge hiç hili sebäp ýok” – diýlip, Holifild tarapyndan ýaýradylan metbugat relizinde aýdylýar.

“Indi bahana ýok. Bu söweş her birimiziň mirasymyz üçin geçirilmeli. Şenbe güni (Jons bilen söweşden soň) sen maňa garşy söweşe taýýardygyňyzy aýtdyň, şeýle bolsa şertnama gol çek we ringe çyk, Taýson. Bütin dünýä muňa garaşýar, ähli zat seniň eliňde. Men taýýar” – diýip, Holifild aýtdy.

Taýson Jons bilen söweşden soň görkezme çykyşlary dowam etdirmek isleýändigini aýdyp, mümkin bolan garşydaş hökmünde Holifildiň adyny getirdi, ýöne Holifildiň adyndan gepleşikleri alyp baran wekiller bilen kynçylyklaryň ýüze çykandygyny we ylalaşyk gazanyp bolmandygyny belledi.
Ýatlap geçsek, geçen dynç günleri Taýson Roý Jonsa garşy görkeziji söweşini geçirdi. Söweş deňme-deň tamamlandy.

düýn 23:49
946

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......