Türkmenistan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen birnäçe resminamalara gol çeker

  • 02.12.2020 22:32
  • 3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda:

oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Daşky gurşawy goramak babatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”;
energetika ministrine “Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Elektrik energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”;
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna “Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....