Lukmanlar Jo Baýdeniň daban süňküniň iki ýerinde çatlamany ýüze çykardylar

Lukmanlar Jo Baýdeniň daban süňküniň iki ýerinde çatlamany ýüze çykardylar

Lukmanlar ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Jozef Baýdeniň dabanyndaky iki süňkde çatlamany ýüze çykardylar. Bu şikesi Baýden itleri bilen oýnap ýören wagty aldy. Bu barada amerikan habar beriş serişdelerine salgylanyp, TASS habar berýär.

78 ýaşly Baýdeniň bejergi alýan lukmany Kewin O’Konnaryň bellemegine görä, rentgen suratlarynda bu çatlaklary görmek bolýar.

«Jozef Baýden birnäçe hepdeläp ýörite aýakgapda gezmeli bolar» – diýip hünärmen belledi.