Türkmenistanyň Prezidenti professor Klaus Parhoferi kabul etdi

  • 28.11.2020 19:11
  • 7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ylmyň soňky gazananlaryny, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň innowasion usullaryny iş ýüzünde netijeli ornaşdyrmak babatda özara peýdaly tejribeleriň alşylmagy bilen baglylykda, uly mümkinçilige eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň lukmanlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahatlary we okuw maslahatlary geçirmäge, wirtual sanly tehnologiýalaryň has-da giňden ulanylmagy, ýokary lukmançylyk bilimi ugry boýunça gatnaşyklara täze itergi bermek maksady bilen, talyplaryň alşylmagyny işjeňleşdirmek babatda pikirini aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda bütin adamzat üçin soňky onýyllykda örän möhüm wehime öwrülen dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem deglip geçildi. Türkmenistanyň bu howply ýokanjyň öz çäklerine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Ýer ýüzünde toplumlaýyn öňüni alyş çärelerini gören döwletleriň biridigi bellärliklidir.
Ýokanç we ýokanç däl keselleri öňünden duýdurmak, jemgyýetçilik immunitetini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan maksadalaýyk işler oňyn netijelerini berýär diýip, professor Klaus Parhofer nygtady.
Klaus Parhofer döwlet Baştutanynyň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde, häzir Türkmenistanyň, hakykatdan-da, nusgalyk saglygy goraýyş düzümlerine eýedigini nygtap, biziň ýurdumyza gelen wagtlarynda özüne soňky ýyllarda türkmen lukmançylygynyň gazanan okgunly ösüşiniň şaýady bolmagyň nesip edendigini belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, professor jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek boýunça milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan giň gerimli işleriniň hem ähmiýetini nygtady.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....