Türkmenistan öz çäginde sanitariýa goraglylygyny güýçlendirýär

  • 29.11.2020 15:04
  • 18k+

2020-nji ýylda, bütindünýä COVID-19 pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan döwründe Türkmenistan öz çäginde sanitariýa goraglylygy boýunça ýerlikli we aýgytly wajyp çäreleri kabul etdi.

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda habar bermeklerine görä, täze wirus barada ilkinji habarlaryň gelip gowşan gününden başlap ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygy goraýşy we durmuş goraglylygy ulgamynda giň gerimli çäreleri amala aşyrmak üçin möhüm işler geçirilip başlandy.
Şunda ýokançlaryň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. BSGG tarapyndan kabul edilen halkara standartlaryna laýyklykda, ýiti ýokanç kesellerine garşy göreşde taýýarlyk görmek hem-de dessin çäreleri üpjün etmek barada meýilnama işlenip düzüldi we tassyklanyldy.
Bu meýilnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi utgaşdyryjy bolup çykyş edýär.
Bu strategiýanyň ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy durmak, ýurt derejesinde utgaşdyrmak; howpuň kommunikasiýasy we jemgyýetçiligi çekmek; epidemiologik gözegçilik; geçiriş nokatlarynda gözegçiligi güýçlendirmek; laboratoriýa barlaglaryny pugtalandyrmak; ýokançlaryň öňüni almak we ýokanç gözegçiligini geçirmek ähmiýetli ugurlary bolup durýar.
Bu meýilnama esasynda halkara standartlara laýyklykda, milli gollanmalar, teswirnamalar işlenip düzüldi. Ýiti ýokanç keselleriň, şol sanda COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak meseleleri boýunça ilatyň sowatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, bilim-maglumat serişdeleri işlenip düzüldi, Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin gerekli test ulgamlary, şahsy gorag serişdeleri, keselleriň öňüni almak, zyýansyzlandyryş çäreleriň geçirilmegi üçin enjamlar satyn alyndy.
Degişli saglygy goraýyş hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler geçirildi.
Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly maglumat çäreleri geçirilýär, onda ilatyň dürli ýaş topary we dürli gatlaklary üçin ýiti möwsümleýin keselleriň öňüni almak, arassaçylyk we şahsy gigiýenanyň tertip-düzgünlerini berjaý etmek, elleri dogry ýuwmak we howpsuz 2 metr araçägi saklamak boýunça gerekli maglumatlar berilýär.
Ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünlerini amala aşyrmak babatda halkara guramalar bilen bilelikdäki işler üznüksiz geçirilýär.

düýn 08:34
10k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi

Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi...

11.07.2025 19:08
7.2k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

10.07.2025 11:19
3.2k+

Keniýada kömürturşy gazyny karbonatlara öwürýän agaç tapyldy

Ýewropanyň we Keniýanyň alymlary Gündogar Afrikada ösýän injir agajynyň bir görnüşi bolan Ficus wakefieldii-niň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, onuň toprakda karbonat ýataklary görnüşinde saklamaga ukyplydygyny anykladylar...

10.07.2025 11:09
7k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady...