"Barselona", ​​"Ýuwentus", "Çelsi" we "Sewilýa" ÇL-niň pleý-off tapgyryna çykdylar

"Barselona", ​​"Ýuwentus", "Çelsi" we "Sewilýa" ÇL-niň pleý-off tapgyryna çykdylar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň "A", "C", "E" we "G" toparçalarynyň oýunlarynyň netijesinde pleý-off tapgyrynda çykyş etjek ilkinji alty topar kesgitlenildi.

"A" toparçadan pleý-off tapgyryna Mýünheniň "Bawariýasy" çykdy. Ol soňky oýunda Awstriýanyň "Zalsburg" toparyny 3:1 hasabynda utmagy başardy. "C" toparçadan "Mançester Siti" myhmançylykda "Olimpiakosy" Fil Fodeniň geçiren ýeke-täk pökgüsi netijesinde 0:1 hasaby bilen utdy we indiki tapgyra geçmäge mümkinçilik gazandy. "E" toparçadan pleý-off tapgyryna "Çelsi" we "Sewilýa" çykdy. Klublar toparçada "Krasnodardan" we "Rennden" öňe geçip, özlerine ilkinji iki orny kepillendirdiler.
Ýene iki klub "G" toparçadan çykdy. Olar - kiýewli "Dinamony" ýeňen (4: 0) "Barselona" we "Ferenswaroşy" ýeňen (2:1) "Ýuwentus" boldy.
Günüň beýleki oýunlarynda "H" toparçada "PSŽ" "Leýpsigi" (1:0), "Mançester Ýunaýted" bolsa "Stambul Başakşehiri" (4:1) ýeňdi.