Посол Японии вручил верительные грамоты президенту Туркменистана

  • 25.11.2020 15:14
  • 3.6k+

Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de ýaponiýaly diplomat döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaponiýaly diplomat özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar we wekiliýetleriň alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär.
Dünýäde meşhur ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegi, möhüm ähmiýetli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy uzak möhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzir ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze, döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, energetika, nebit hem-de gazhimiýa, ulag we logistik ulgamlary, şeýle-de beýleki geljegi uly pudaklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

вчера 22:54
664

Мировые цены на медь стремительно растут из-за перебоев с поставками

​Стоимость меди на мировых рынках превысила отметку в $14 000 за тонну, вплотную приблизившись к историческому максимуму....

вчера 22:49
1.6k+

Нарендра Моди призвал индийцев отказаться от покупки золота на один год

​Премьер-министр Индии Нарендра Моди обратился к нации с призывом воздержаться от покупки золота в течение как минимум одного года. Данная мера, по мнению главы правительства, необходима для сокращения......

12.05.2026 20:41
11k+

Автопром США просит Трампа не открывать рынок для китайских машин

Американские автопроизводители, поставщики, сталелитейные компании, профсоюзы и законодатели призывают президента США Дональда Трампа не допустить открытия рынка США для китайских автомобилей. Об этом сообщает......

12.05.2026 20:15
1.6k+

В Ашхабаде проходит выставка Agro Pack Turkmenistan – 2026

В Ашхабаде начала работу международная выставка сельскохозяйственной продукции и пищевой промышленности Agro Pack Turkmenistan – 2026. В мероприятии участвуют около 130 местных и зарубежных компаний и......