Angliýa janköýerlere 2-nji dekabrdan oýunlara gatnaşmaga rugsat berdi

  • 23.11.2020 23:38
  • 5.8k+

Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson Angliýada koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýatyrmak meýilnamasyny yglan etdi diýip, news.sportbox.ru habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, ýurtda milli karantin şu ýylyň 2-nji dekabryna çenli hereket eder. Şondan soň Angliýanyň tutuş territoriýasy epidemiologik ýagdaýa baglylykda üç derejä bölüner.
Birinji derejeli sebitlerde sport çärelerine 4 müňe çenli tomaşaça gatnaşmaga rugsat berilýär. Ikinji derejeli sebitlerde 2 müňden köp adama rugsat berilmeýär. Üçünji derejeli sebitlerde bolsa sport çärelerine gatnaşmak gadaganlygy dowam eder. Birinji we ikinji derejelerdäki sebitlerde tomaşaçylar çärelerde sosial aralygy saklamaly bolarlar. Sebitleriň derejesi boýunça paýlanyşy 26-njy noýabrda - penşenbe güni yglan ediler.
Tomaşaçyly geçjek ilkinji uly oýun 2-nji dekabrda “Old Trafford” stadionynda “Mançester Ýunaýted” bilen “PSŽ”-niň arasynda boljak Çempionlar ligasynyň duşuşygy bolup biler.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....