Medwedew ilkinji gezek Nadaly ýeňdi we ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň finalyna çykdy

  • 22.11.2020 15:03
  • 4.6k+

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Londonda geçirilýän tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) Jemleýji ýaryşynyň ýarym finalynda ispaniýaly Rafael Nadaly ýeňdi. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 5,7 million dollara barabar.

24 ýaşly rus tennisçisi 3:6, 7:6 (7:4), 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Medwedew Nadaly ilkinji gezek ýeňip gördi. Nadal ony ozal üç gezek ýeňipdi: birinji gezek geçen ýyl Kanadada geçirilen “Masters”-iň finalynda, soňra ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finalynda, üçünji gezek bolsa geçen ýylky Jemleýji ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda.
Finalda Medwedew ýarym finalda dünýäniň ilkinji raketkasy serb Nowak Jokowiçi ýeňen awstriýaly tennisçi Dominik Tim bilen titul ugrunda ýaryşar. Medwedew Jemleýji ýaryşa ikinji gezek gatnaşýar, geçen möwsümde ol üç oýunda-da utulyp, öz toparçasynda soňky - dördünji orny eýeledi. Bu möwsümde ol Jokowiçi, Aleksandr Zwerewi we argentinaly Diego Şwarsmany ýeňip, toparçasynda üç duşuşygynyň hemmesinde ýeňiş gazandy.
Medwedew häzir dünýä reýtinginde dördünji orunda durýar we sekiz sany ATP-niň titulyna eýe. Onuň görkezen iň gowy netijesi “Uly tuwulga” ýaryşlarynda geçen möwsüm ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finalyna çykmagy boldy.
34 ýaşly Nadal guramanyň howandarlygynda 86 titula eýe bolup, ATP-niň reýtinginiň ikinji setirinde ýerleşýär. Şeýle hem ol “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňişleriň sany boýunça birinji orny şweýsariýaly Rojer Federer bilen paýlaşýar (20).
ATP-niň Jemleýji ýaryşy 1970-nji ýyldan bäri geçirilip, onda iň köp ýeňşi Federer gazandy - alty gezek. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi grek Stefanos Sisipasdyr.

şu gün 00:06
3.4k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

düýn 23:54
6k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....

düýn 20:11
2.7k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

düýn 14:24
7.8k+

Nobatdaky şowsuzlyk: Ronaldu «Al-Nasr» bilen 14-nji kubogyny hem elden gidirdi

Düzüminde ýyldyz hüjümçi Kriştianu Ronaldu bolan topar nobatdaky kubokdan hem galdy. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň final oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» toparyndan 0:1......