Messiniň «Barselonadaky» 800-nji oýnunda katalonlylar «Atletikodan» ýeňildi

  • 22.11.2020 10:55
  • 7.7k+

La Liganyň 10-njy tapgyr duşuşygynda Madridiň «Atletikosy» öz öýünde «Barselonany» 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýun Madriddäki «Wanda Metropolitano» stadionynda geçirildi. Ýeke-täk goly birinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda Ýannik Ferreýra Karrasko geçirdi. Ol katalonlylaryň derwezebany Marka-Andre ter Ştegeniň çykyşyndaky ýalňyşyndan peýdalandy.

«Atletiko» 2010-njy ýylyň 14-nji fewralyndan (2-1) bäri çempionatda öz meýdançasynda «Barselonany» ýeňip bilenokdy. Şondan bäri madrid kluby Çempionlar ligasynda iki gezek öz öýünde “Barselonany” ýeňdi. “Barselona” garşy milli birinjiligiň öý duşuşyklarynda «Atletiko» 10 ýylyň içinde ýedi gezek ýeňlişe sezewar boldy we üç gezek deňme-deň oýnady.
Dostluk duşuşyklaryny hasaba alanyňda, bu oýun katalonlylaryň hüjümçisi Lionel Messi üçin 800-nji (742 resmi, 58 dostlukly) boldy. Olarda Messi 678 gol geçirip, 283 netijeli geçirim etdi.
«Atletiko» çempionatda bassyr bäşinji ýeňşini gazandy we sekiz duşuşykda 20 utuk bilen turnir sanawynda ikinji setirde ýerleşdi. «Barselona» 11 utuk bilen 10-njy orny eýeleýär.
Indiki tapgyrda «Atletiko» 28-nji noýabrda myhmançylykda «Walensiýa» bilen duşuşar, katalonlylar ertesi gün «Osasunany» kabul ederler. Çarşenbe güni Diego Simeoneniň topary Çempionlar ligasynda ruslaryň «Lokomotiwini» kabul ederler.

şu gün 00:00
1.7k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
5.4k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
3.9k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
1.9k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......