«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyk geçirildi

  • 18.11.2020 12:47
  • 3k+

17-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Jozep Borelliň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen hem gatnaşdy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygyna hem-de onuň geljegine syn berdiler, şeýle-de sebitleýin we halkara meseleleri babatynda pikir alyşdylar.
Agzalan meseleleriň her biri boýunça daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäklerinde özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler we pikir alyşdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

düýn 16:01
1.3k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
855

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......