R.Meredow Ýaponiýanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi

  • 16.11.2020 22:36
  • 3.1k+

16-njy noýabrda wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamotodan ynanç hatlarynyň nusgasyny kabul etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň täsirli guraly hökmünde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogy öňe çykaryldy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklary işjeň dowam etmek babatynda ylalaşdylar.

düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....