Awstriýa koronawirus sebäpli doly derejeli çäklendirmeleri girizýär

  • 15.11.2020 21:21
  • 8.4k+

Awstriýanyň häkimiýetleri täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň agyrlaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen 2020-nji ýylyň 17-nji noýabryndan 6-njy dekabry aralygynda karantini güýçlendirýär diýip, Awstriýanyň kansleri Sebastýan Kurs habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Geljek sişenbe gününden 6-njy dekabr aralygynda ýazda bolşy ýaly, ikinji lokdaun hereket eder” – diýip, Kurs Wenadaky metbugat maslahatynda aýtdy.

17-nji noýabrdan ilatyň köçä çykmagyna çäklendirmeler günüň dowamynda hereket eder. Boş wagtlarda ýakyn gurşawdan diňe bir adam ýa-da bir maşgala bilen duşuşyp bolar. Azyk dükanlaryndan, bag bazarlaryndan, zoo-dükanlaryndan, ýangyç guýulýan stansiýalardan, banklardan, poçta bölümlerinden, aragatnaşyk salonlaryndan, hyzmatlar merkezinden başga uly dükanlar ýapylar. Beýlekileriň işi 06:00-dan 19:00-a çenli çäklendiriler.
Mekdep okuwçylary uzak aralykdan okuwa geçýärler. Höwesjeňler derejesinde sportuň aragatnaşyk görnüşleri gadagan edilýär. Sportuň ylgaw görnüşleri diňe şahsy tertipde rugsat edilýär. Respublikanyň dükanlarynda, jemgyýetçilik edaralarynda we ulaglarda hökmany örtük dakynmak düzgüni hem hereket edýär.
Awstriýada koronawirus bilen keselleýänleriň sanynyň gündelik ösüşi noýabrda absolýut rekordy goýdy — 9 müňden gowrak adam. Awstriýada 14-nji noýabr boýunça, jemi 198 291 adam koronawirus bilen keselledi, olardan 119 415-si sagaldy, 1 746 adam ýogaldy.

27.06.2025 20:25
13k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...

20.06.2025 22:51
4.6k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...

19.06.2025 09:56
8k+

Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy

Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi...

18.06.2025 13:57
7.1k+

Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi

Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi. Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy...