Türkmenistanyň ilçisi Ysraýyl Döwletiniň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 13.11.2020 14:07
  • 4.8k+

Ierusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de halkara derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ilerledilmegine ähmiýetli goşant goşýandygyny belläp geçdi.
Öz gezeginde, Ilçi T.Kömekow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ysraýyl Döwletiniň Prezidentine mähirli salamyny we ýurduň ähli halkyna iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdi. Çäräniň barşynda taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Ysraýylyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ilerledilmegine meýilleri tassyklanyldy.

düýn 22:17
909

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.7k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....