ICD türkmen telekeçilerine 10 million amerikan dollaryny berer

  • 13.11.2020 09:29
  • 15k+

Yslam korporasiýasy (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini berer Bu baradaky teklibi wise-premýer G.Müşşikow Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu maliýe serişdeleri Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmäge, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdiriler.
Bu çäreler, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişine hem-de eksport ugurly harytlaryň artdyrylmagyna ýardam eder.
Gurbanguly Berdimuhamedow teklibi, umuman, makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

düýn 20:25
2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......