MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar

  • 11.11.2020 13:00
  • 17k+

Irlandiýaly söweşiji Konor MakGregor we amerikaly Dastin Porýe UFC 257-de söweşmek üçin şertnama baglaşdy. Bu barada MMA Fighting-e salgylanyp, Sputnik agentligi habar berýär.

Habara laýyklykda, türgenler 23-nji ýanwarda Las Wegasda duşuşarlar. Şol bir wagtyň özünde metbugat irlandiýaly söweşijiniň oktagona has irräk gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini we 12-nji dekabrdaky UFC 256 ýaryşyny göz öňünde tutýandygyny ýazypdy.
MakGregor bilen Porýeniň arasyndaky söweşiň amerikan söweşijisiniň ýagdaýy sebäpli asla bolman hem biljekdigini bellemelidiris. UFC-niň ýolbaşçylygy onuň bilen ylalaşyga gelip bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, Porýeniň ýerine söweşe Jastin Getji çykyp biler diýlip hasaplanyldy.
MakGregor bilen Porýeniň oktagonda eýýäm duşuşandygy ýadymyzda bolsa gerek. 2014-nji ýyldaky tutluşykda tehniki nokaut bilen irlandiýaly söweşiji ýeňiş gazanypdy.
Konoryň hasabynda 22 ýeňiş we 4 ýeňliş bar. Porýe karýerasynda 26 söweşde ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi, ýene bir söweş bolsa geçirilmedik diýlip yglan edildi.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......