COVID-19-yň ýaýramagy anna günündäki antirekorddan soň haýallaýar

  • 09.11.2020 23:52
  • 17k+

Dünýä boýunça täze koronawirus ýokuşma hadysasy geçen hepdäniň anna günündäki antirekorddan soň dynç güni 440,1 müňe çenli azaldy. Muny Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlary tassyklaýar diýip, INTERFAX.RU habar berýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 6-njy noýabrda dünýä boýunça 592,8 müň täze koronawirus ýokuşma hadysasyny hasaba aldy. Munuň özi pandemiýa başlaly bäri iň köp gündelik ýokuşma mukdary boldy. Şenbe we ýekşenbe günlerinde wirusyň ýaýramagy, degişlilikde, 583,6 müň we 440,1 müňe çenli azaldy.
Pandemiýa başlany bäri, dünýä boýunça jemi 50 milliondan gowrak adama koronawirus ýokuşdy, 1,2 milliondan gowrak adam bolsa wirus zerarly aradan çykdy.

düýn 08:34
10k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bellenildi

Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi...

11.07.2025 19:08
7.2k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

10.07.2025 11:19
3.2k+

Keniýada kömürturşy gazyny karbonatlara öwürýän agaç tapyldy

Ýewropanyň we Keniýanyň alymlary Gündogar Afrikada ösýän injir agajynyň bir görnüşi bolan Ficus wakefieldii-niň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, onuň toprakda karbonat ýataklary görnüşinde saklamaga ukyplydygyny anykladylar...

10.07.2025 11:09
7k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady...