2023-nji ýylda Aziýa kenarýaka oýunlaryny Awazada geçirmek teklip edilýär

  • 05.11.2020 16:37
  • 7.6k+

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Türkmenistanyň OCA-nyň Baş Assambleýasynyň sessiýasyny we OCA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky teklibini goldady. Bu barada OCA-nyň ýolbaşçysy şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň 2023-2025-nji ýyllarda OCA-nyň Baş Assambleýasyny we OCA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky resmi haýyşyna seredilenden soň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bu teklibi kabul etdi we bu çäreleri geçirmegiň takyk senesini kesgitlär diýlip, hatda aýdylýar.
Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah Türkmenistanda Olimpiýa Hereketini yzygiderli goldaýandygy üçin türkmen liderine tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi, muny 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede guralmagy hem görkezýär.

“Bu oýunlara gatnaşan Okeaniýa we OCA agza ýurtlaryň ählisinde häzir hem bu multisport çäreleriniň ýokary derejede guralyşy we türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada ýakymly ýatlamalar bar”.

Şeýle hem, Al Sabah Türkmenistanyň ýolbaşçysyna 2023-nji ýylda 7-nji Aziýa kenarýaka oýunlaryny Hazar deňziniň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine garamak baradaky teklibini gözden geçirmegi teklip etdi. Ol 2017-nji ýylyň aprel aýynda Halkara sport kongresine gatnaşanlaryň häzirki zaman sosial we sport infrastrukturasyna, şeýle hem türkmen deňziniň ajaýyp kenarýakasyna we çägeli kenaryna baha berip bilendigini ýatlady.

“Awazada 7-nji Aziýa kenarýaka oýunlarynyň guralmagy şäheriň geljekki ösüşine uly täsir eder, oýunlaryň dowamynda we geljekde köp sanly adamlaryň hem-de syýahatçylaryň ünsüni özüne çeker, şeýle-de Türkmenistanda Olimpiýa Hereketi üçin dowamly mirasy döreder” – diýip, OCA-nyň prezidenti belledi.

düýn 14:15
9.2k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 22:55
4.7k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......