Russiýa pandemiýa döwründe goldawy üçin Türkmenistana sagbolsun aýtdy

  • 04.11.2020 16:21
  • 18k+

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyny, munuň söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagynda-da görünýändigini aýtdy diýip, ORIENT habar berýär.

Federasiýanyň Geňeşiniň halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň mejlisinde Andreý Rudenko Russiýanyň ýakynda koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda Türkmenistandan bahasy 1 million dollar töweregi bolan ynsanperwer kömek ýüküni alandygyny ýatlady.

"Türkmenistan pandemiýa döwründe Russiýa ynsanperwerlik kömegini beren Merkezi Aziýanyň ýeke-täk ýurdudyr. Ol Astrahana azyk, nebit önümlerinden we beýlekilerden ybarat bolan, takmynan, 1 million dollarlyk uly ýük iberdi" diýip, Rudenko belledi.

Şeýle hem Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda, rus tarapyna "strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde", takmynan, 1000 tonna agyrlykdaky ynsanperwer ýüküň geçirilendigi habar berildi.

"Russiýa tarapy Türkmenistana täze koronawirus ýokançlygynyň global pandemiýasy sebäpli ýüze çykan häzirki kyn ýagdaýa aýratyn ähmiýet berýän dostluk we hoşniýetlilik hereketi üçin çuňňur minnetdar" -diýlip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda bellenilýär.

şu gün 14:29
1.3k+

DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy...

şu gün 14:01
941

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girdi

7-nji dekabrda şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada çözgüt 4-nji dekabrda kabul edildi...

şu gün 13:52
2.2k+

Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny...

şu gün 13:36
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...