R.Meredow: «Türkmenistan owganara gepleşikleri üçin syýasy giňişligini bermäge taýýar»

  • 04.11.2020 16:00
  • 6.7k+

Düýn wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine aýratyn seretdiler. Taraplar Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegi babatynda bu prosesiň oňyn dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Gepleşikler şu ýylyň sentýabr aýynda Doha şäherinde başlandy. R.Meredow türkmen tarapynyň gepleşikleriň indiki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny tassyklady.
Taraplar içeri hem-de daşary integrasiýa prosesinde Owganystana ýardam bermegiň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, durmuş, ykdysady, ulag we kommunikasiýa infrastrukturalaryň ösdürilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümetiniň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň ilerledilmegi, demirýol gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirýän möhüm hereketlerini bellediler. Çünki bu ädimler tutuş ýewraziýa giňişliginde dünýä-hojalyk gatnaşyklaryna oňyn täsir etmäge gönükdirilendir.

düýn 15:48
4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......