Kolbi Kowington Habib Nurmagomedowa çagyryş etdi

  • 30.10.2020 14:00
  • 38k+

UFC-niň ýarym orta diwizionynyň ozalky wagtlaýyn çempiony Kolbi Kowington promouşeniň ýeňil agramda iň gowy söweşijisi, karýerasyny tamamlaýandygyny yglan eden Habib Nurmagomedowi söweşe çagyrdy. Bu barada ctnews.ru belläp geçýär.

Onuň pikiriçe, Nurmagomedow öz agramynda söweşmedi, ýüzbe-ýüz gapma-garşylykda ýeňilip bilerdi. Onuň fiziki maglumatlary ýarym orta agramda çykyş etmek talaplaryna laýyk gelýär diýip, Kowington belleýär:

“Hemmeler Habibiň 190 funt (86 kg töweregi) agramynyň bardygyny, meniň agramymyň ondan azdygyny bilýärler. Ýöne men öz agram derejämde çykyş edýärin, Habib bolsa ýeňil agram derejesinde çykyş edýär. Men öz agramymdaky islendik garşydaş bilen söweşe çykmaga taýýar. Habib bolsa diňe göýdükleri urmak isleýär”.
“Habibiň ýarym orta agramda söweşmeýänliginiň esasy sebäbi, aslynda onuň esasy gorkusy – men. Ol bu ýerde söweşse, özüniň titulyny gorap bilmejekdigini bilýär. Ýeriňden galk, bir basgançak ýokary gal we hakyky erkekleriň agram derejesinde söweş” – diýip, Kowington aýtdy.

Kowington – ýarym orta agramda UFC-niň wagtlaýyn guşagynyň ozalky eýesi. Onuň hasabynda MMA-nyň düzgünleri boýunça söweşlerde 16 ýeňşi we iki ýeňlişi bar.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....