Türkmenistan Tatarystanda galan raýatlaryny alyp gaýtdy

  • 29.10.2020 16:23
  • 12k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenabatdan Kazana we ondan yzyna çarter uçuşyny gurady. Uçar koronawirus pandemiýasy sebäpli Tatarystan Respublikasynda galan türkmen raýatlaryny getirdi.

T5738 belgili gatnaw bilen Boeing-777-200LR uzak aralyga uçar koronawirus pandemiýasy sebäpli awiagatnawlar bes edilenden soň, Russiýanyň bu sebitinde galmaga mejbur bolan 200-den gowrak raýaty getirdi.
Şeýle-de, agzalan gatnaw bilen islendik adam 45 kilogramdan gowrak agramda ýük iberip bildi diýip, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýty habar berdi.
Raýatlarymyzy Watanymyza tapgyrlaýyn getirilmek işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda, çarter uçuşy arkaly Russiýadan gelen Türkmenistanyň ähli raýatlary hökmany iki hepdelik karantin geçerler.
Öň, Türkmenistanyň hökümeti Türkiýeden, Russiýadan, Belarus Respublikasyndan, Ukrainadan, Özbegistandan, Hindistandan, Gazagystandan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan raýatlarynyň getirilmegini gurady.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......