“Barselonanyň” prezidenti Bartomeu wezipesinden gitdi

  • 28.10.2020 19:21
  • 9.8k+

“Barselona” katalon futbol kluby häzirki prezident Hosep Bartomeu bilen hoşlaşdy. Degişli beýannama metbugat gullugy tarapyndan toparyň resmi “Twitterinde” ýerleşdirildi. Bu barada ctnews.ru habar berýär.

“Barselonanyň” prezidenti özüne bildirilen ynamy ödemeýär diýip ses berdiler. Bu Lionel Messiniň topardan gitmek karary bilen bagly nobatdan daşary ýygnakda bolup geçdi. Duşenbe güni Hosep Bartomeu öz işinden aýrylýandygy baradaky habarlary ret etdi, ýöne şu gün onuň klubdan gidýändigi belli boldy.
Bartomeu 2014-nji ýylda “Barselonanyň” prezidenti bolupdy. Ondan öň bu wezipäni Neýmaryň transferinde galp emelleri ulanmakda aýyplanýan Sandro Rosel eýeleýärdi. Hosep Bartomeu klubdan gitmek isleýändigini 2016-njy ýylda mälim etdi, ýöne şonda-da “Barselonanyň” prezident saýlawlaryna gatnaşdy.
Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubynyň täze prezident saýlawlary 40-90 gün aralygynda geçiriler. Häzirki wagtda kluba dolandyryş komissiýasy ýolbaşçylyk edýär we düzgünnama laýyklykda, ýolbaşçylyk ediji organlar üçin saýlawlar azyndan 40 günüň içinde, aňyrsy 90 günüň dowamynda geçirilmeli.

şu gün 14:19
434

«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris «Formula-1» möwsüminiň soňky tapgyrynyň – Abu-Dabiniň Gran-prisiniň jemi boýunça karýerasynda ilkinji gezek çempion boldy. Ýaryş ýekşenbe güni tamamlandy. Ýiti dartgynlylyk ahyryna çenli saklandy, çünki 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek titula birbada üç gatnaşyjy dalaş etdi...

düýn 21:24
8.6k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3.5k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
2.2k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...