Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeş boldy

  • 28.10.2020 10:05
  • 5.9k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, işewür gatnaşyklary ösdürmek, uzakmöhletli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin köpsanly geljegi uly ugurlaryň bardygy bellenildi. Maglumat –kommunikasion tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, önümçilige öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem oňat şertler bar.
Sebit we ählumumy derejede wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda dünýä bileleşiginde uly ynjalyksyzlyk döredýän koronawirus pandemiýasy meselesi barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, bu howpa garşy üstünlikli göreşmegiň möhüm şerti hökmünde halkara tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

düýn 22:54
693

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......