Eýranda ýer titreme bolup geçdi

  • 27.10.2020 13:10
  • 28k+

Seýsmologlar Eýranyň merkezi böleginde 5,0 bal ululykda ýer titremesini hasaba aldylar. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkezi (EMSC) habar berýär. Muny russian.rt.com ýetirýär.

Ýer titremesiniň merkeziniň, takmynan, 477 müň adam ýaşaýan Ýezd şäheriniň 168 km demirgazyk-gündogarynda bolandygy bellenilýär. Tebigy betbagtçylygyň merkezi 20 km çuňlukda ýerleşýär. Zyýan çekenler we weýrançylyk barada maglumat ýok.
Mundan başga-da, Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynda Ýuwaş ummany akwatoriýasynda hem 4,5 bal ululykda ýer titremesi bolup geçdi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Bitewi geofiziki gullugynyň Sahalin bölüminde habar berildi.
Ýer titremesiniň merkezi koordinatlary: demirgazyk giňligi 52.90, gündogar uzynlygy 163.71. Ýer titremesiniň merkezi 10 kilometr çuňlukda ýerleşýär. Ýer titremäniň netijesinde zyýan çekenler ýok. Sunami howpy barada hem habar berilmedi.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......