Habib Nurmagomedow: «Men türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen çagalykdan bäri tanyş»

  • 26.10.2020 18:08
  • 53k+

UFC 254 ýaryşynda amerikaly Jastin Getjini ýeňen UFC söweşijisi Habib Nurmagomedow Türkmenistana salam gönderdi.

«Türkmenistana ullakan salam! Kakam siziň ýurduňyzda – Gyzylarbatda gulluk etdi. Ol maňa Türkmenistan we türkmen halky hakda köp zatlary gürrüň beripdi. Şeýle bolansoň, men siziň däp-dessurlaryňyz bilen çagalykdan tanyş. Enşalla, görüşeris, doganlar! Türkmenistanda janköýerlerimiň köpdügi meni örän begendirýär, nesibeli bir gün hökman görüşeris!» diýip, Nurmagomedow ACA-nyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradowyň Instagram sahypasyndaky wideo habarynda aýtdy.

Ýadymyzda bolsa, Habib Nurmagomedow özüniň beren gürrüňinde kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň Türkmenistanda (Gyzylarbat, häzirki Balkan welaýatynyň Serdar şäheri) 2 ýyl gulluk edendigini, ajaýyp ýatlamalary galdyran bu ýurt hakda oňa köp zatlary gürrüň berendigini ýatlap geçipdi. Şonuň üçin söweşiji kakasynyň aýak yzlary galan bu güneşli topraga özi gelip görmegi arzuw edýär.
Nurmagomedow MMA-da ilkinji gezek 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda çykyş etdi. 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda ol UFC-iň howandarlygynda ilkinji söweşini geçirdi we şondan bäri iri promouşeniň esasy ýyldyzlaryndan biri bolup durýar. Habib Nurmagomedow karýerasynda 29 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. 32 ýaşly sportçy karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

düýn 23:43
4.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.1k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......