Russiýa Türkmenistandan çarter uçuşyny amala aşyrar

  • 23.10.2020 05:00
  • 12k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi ýüzlenmesine laýyklykda, 25-nji oktýabrda «S7» awiakompaniýasynyň Moskwa – Türkmenabat – Moskwa ugry boýunça çarter uçuşy amala aşyrylar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, «S7» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini hem-de olaryň maşgalalaryny Moskwadan Türkmenabada getirer.
Şeýle hem bu uçuş arkaly Russiýanyň raýatlary we iki raýatlygy (Türkmenistanyň we Russiýanyň) bolan şahslar, şeýle hem RF-iň çäginde hemişelik ýaşamak hukugyny alan, bu ýurda göçüp maşgalalarynyň ýanyna barýan türkmen raýatlary yzyna Moskwa uçup biler.

25.11.2025 17:22
3.1k+

Hytaý taryhynda ilkinji halas ediş kosmos missiýasyny uçurdy

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça 12:11-de (Aşgabat wagty bilen 09:11) Hytaý gyssagly ýagdaýda “Şençžou-22” kosmos gämisiniň “Týangun” orbital stansiýasyna uçuşyny amala aşyrdy. Gämi “Çançžen-2F” raketasynda Szýusýuan kosmodromyndan ekipažsyz uçup, orbita üstünlikli çykdy...

25.11.2025 12:46
14k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...

21.11.2025 23:45
5.8k+

Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy

Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanyp, Telegraph gazeti habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, bürünç asyrynyň birnäçe özboluşly predmetleri Keramatly Fagan galasynyň çägindäki Milli taryh muzeýiniň baş edarasyndaky witrinadan ogurlandy...

20.11.2025 18:49
6.2k+

NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi

3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar...