Döwlet dumasy RF bilen Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada şertnamany tassyklamagy maslahatlaşar

  • 21.10.2020 08:33
  • 6.4k+

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet dumasy Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnamany tassyklamak baradaky kanunyň taslamasyna sereder diýip, Döwlet dumasynyň birinji wise-spikeri Aleksandr Žukow habar berdi. Muny fingazeta.ru ýetirýär.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygy tassyklamak hakynda” federal kanunyň taslamasyny Döwlet Dumasyna tassyklamak üçin tabşyrdy.
Bu şertnama 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada gol çekildi. Onda Türkmenistan bilen Russiýanyň jenaýatçylyk bilen gurnalan halkara terrorçylyga, ykdysady jenaýatlara, ulag howpsuzlygyna garşy gönükdirilen jenaýatlara garşy göreşde hyzmatdaşlyk edýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, resminama taraplaryň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, gizlin ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, gizlin migrasiýa we kontrabanda garşy bilelikdäki göreşini göz öňünde tutýar. Ylalaşygyň mowzugy “ekologiki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak pudagyndaky” hyzmatdaşlykdan hem ybaratdyr.
Resminamanyň üçünji döwletlere gönükdirilmeýändigi we beýleki halkara şertnamalaryndan gelip çykýan taraplaryň hukuklaryna we borçlaryna täsir etmeýändigi bellenilýär.
Özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça taraplar yzygiderli maslahatlary geçirerler diýlip, düşündiriş hatynda aýdylýar.
Resminamanyň teksti 17-nji awgustda Kanunçylyk işini üpjün etmek ulgamynyň saýtynda ýerleşdirildi.
Umuman alanyňda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara gatnaşygyň ähli ugurlaryny öz içine alýan 170-den gowrak şertnama gol çekildi.
Rus-türkmen gatnaşyklary 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda gol çekilen Döwletara strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynda (2018-nji ýylyň awgust aýynda güýje girdi) göz öňünde tutulan strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýar.

şu gün 09:02
348

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......