50,000 raýata 10 million sanly pul paýlanyldy

  • 16.10.2020 15:22
  • 29k+

Şençženen şäheri "sanly ýuanyň" synag zolagy hökmünde, 50 müň ilata umumy bahasy 10 million ýuana (1,48 million dollar) barabar bolan elektron pul paýlady diýip, hightech.plus habar berdi.

Sanly pullary 12-18-nji oktýabr aralygynda belli-belli dükanlarda satyn alyş kupony hökmünde ulanyp bolýar. Tölegleri sanlyja sekuntda tamamlamak üçin müşderiler bary-ýogy QR kodlaryny skanirlemegi ýeterlik.
"Sanly ýuan" nagt puluň bir bölegini çalyşmak üçin niýetlenen. Ýöne pullary sanly görnüşe geçirmek üçin degişli töleg ulgamlaryna üýtgetmeler girizmek zerur. Häzirki wagtda Şençženen şäherindäki 3300 dükan sanly ýuanyň töleg ulgamyna birikdirildi. Olaryň hatarynda sanly ýuanda töleg mukdary çäklendirilmeýän söwda merkezleri we supermarketler, hyzmat merkezleri, harytlaryny ýerleýjiler we naharhana-iýmit kärhanalary bar.
Öňem Şençženen şäherinde kiçeňräk synag geçirilipdi, ýagny 5 müň lukman "gyzyl bukjalar" arkaly berlen elektron pullary käbir dükanlarda ulanyp gördi. Bu gezek synaga gatnaşyjylaryň sany 50 müňe ýetdi, şonuň netijesinde sanly pul arkaly elektron tölegleriň tizligine, netijeliligine we howpsuzlygyna has köp sarp edijiniň göz ýetirip bilmegine garaşylýar.
Şu ýylyň başyndan bäri Şençženen we Sýuçžou şäherlerinde, täze Sýunýan etrabynda, Çengdu şäherinde we ýetip gelýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň sebitlerinde eýýäm "sanly ýuanyň" ulanylyşynyň ýapyk synaglary geçdi, bu eýýäm käbir deslapky netijeleri berdi. Synaglar "sanly ýuanyň" ulanylmagynyň dürli ugurlaryny - kommunal hyzmatlar, naharhana, jemgyýetçilik ulaglarynda syýahat, söwda we sarp ediş we administratiw hyzmatlary üçin tölegleri öz içine alýandygyny görkezdi. Galtaşyksyz tölegler, esasanam, QR kod tölegleri sarp edijileriň has amatly we netijeli töleg ulgamyna bolan islegini kanagatlandyryp biler.

şu gün 14:24
820

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi...

şu gün 13:44
5.3k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

şu gün 13:28
615

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

düýn 14:51
8.5k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...