Türkmenistanda Fransiýanyň täze bellenen Ilçisi işläp başlady

  • 14.10.2020 13:00
  • 5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda hanym Izabel Ginel öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar ikitaraplaýyn saparlar we köptaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagyň çäklerinde ýokary derejedäki saparlaryň gurnalmagynyň wajyplygy barada bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde yzygiderli duşuşyklary guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda medeniýet, bilim we ylym pudaklarynda ikitaraplaýyn türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň mehanizmini – Medeni dialogyny döretmek baradaky teklip orta atyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar medeniýet, bilim we ylym pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Fransuz geňeşini döretmek baradaky başlangyjy teklip etdiler.

20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......