Mýunhenden Türkmenabada ewakusiýa uçuşy amala aşyryldy

  • 13.10.2020 09:09
  • 11k+

Düýn «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Boeing 737-800» kysymly uçary bilen koronawirus pandemiýasy sebäpli Ýewropa Bileleşiginde galmaga mejbur bolan watandaşlarymyzyň birnäçesi ýurdumyza getirildi.

T5486 belgili ýörite gatnaw Mýunhen – Türkmenabat uçuşyny amala aşyrdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda Germaniýadan gelen ähli raýatlarymyz hökmany iki hepdelik karantini geçerler.
Türkmen raýatlarynyň “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary bilen öz Watanyna tapgyrlaýyn getirilmegi Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar.
Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Öň hökümet COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy sebäpli ozal gaýdyp bilmedik türkmen raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin Türkmenabadyň halkara howa menziline Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanyň 120 raýaty bolsa Özbegistandan gury ýer üsti bilen öz Watanyna gaýdyp geldi.
Ýakyn wagtda watandaşlarymyzyň Azerbaýjandan, Gazagystandan nobatdaky getirilişi guralar.

15.05.2026 11:17
7.3k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.6k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
10k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....