COVID-19-nyň pul birliklerindäki we smartfonlardaky “ömri” kesgitlenildi

  • 13.10.2020 07:35
  • 18k+

Awstraliýanyň Kesellere göreşe taýýarlyk merkeziniň alymlary koronawirus ýokançlygynyň täze görnüşiniň pul birliklerinde, metal tutawaçlaryň we smartfonlaryň ýüzünde bir aýa golaý ýaşaýandygyny anykladylar. Gözlegiň netijeleri Virology​ Journal žurnalynda çap edildi.

Hünärmenleriň pikiriçe, SARS-CoV-2 koronawirusy otag temperaturasynda tekiz üstlerde 28 gün ýaşaýar.
Şol bir wagtyň özünde esasy howp tekiz üstlere - aýna (smartfon displeýleri hem şeýle), kagyz we polimer banknotlaryna we poslamaýan polada degişli. 20 gradus temperaturada koronawirus bir aý töweregi, 30 gradusda üç hepdä çenli galyp biler. Diňe kyrk gradusdan ýokary temperaturada ol bary-ýogy birnäçe gün ýaşar.
Hünärmenleriň pikiriçe, iň uly howp smartfonlaryň ekranlaryna degişli, sebäbi adamlar olary elleri ýaly yzygiderli dezinfeksiýa etmeýärler.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......