Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 09.10.2020 17:46
  • 6.4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Halkara welosipedçiler birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartien bilen geçiren onlaýn-duşuşygynda 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramagyň we geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Halkara welosipedçiler birleşigi Dawid Lappartieniň baştutanlygynda Aşgabada dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny berdi.

düýn 17:49
7.9k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

düýn 17:19
5.3k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 12:51
3.5k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...