Belarus 2022-nji ýylda Bütindünýä küşt Olimpiadasyny geçirmekden ýüz öwürdi

  • 07.10.2020 17:00
  • 7.4k+

Belarus 2022-nji ýylda Bütindünýä küşt Olimpiadasyny geçirmekden ýüz öwürmek kararyna geldi. Bu barada Belarus küşt federasiýasynyň maglumatyna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

"Şeýle karar hakykatdanam Belarusyň hökümeti tarapyndan kabul edildi we bu mesele boýunça FIDE bilen gepleşikler geçirilýär. Resminamalara heniz gol çekilmedi - iň möhüm waka, FIDE-niň Baş Assambleýasy entek dekabr aýynda geçirilmeli. Bu maslahatda şu mesele gutarnykly çözülmeli, sebäbi bu ozal görlüp-eşidilmedik waka. Ýurt taryhda ilkinji gezek şeýle möhüm çäräni geçirmekden ýüz öwürýär" - diýip, Belarusyň Küşt federasiýasynyň başlygy Anastasiýa Sorokina aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Belarus häkimiýetleri ýurtdaky we umuman dünýädäki kyn ykdysady we epidemiologik ýagdaý sebäpli şeýle karara geldi.
"Bu mesele ýylyň başyndan bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär" - diýip, Sorokina belleýär.
Belarus bu ýaryşy geçirmek hukugyny 2018-nji ýylda Batumide Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) Baş Assambleýasynyň mejlisinde alypdy we ondan ýüz öwren taryhda ilkinji ýurt boldy.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......